Synag 1 Synag 2 Synag 3 Final
28.03.2024
Penşenbe
25.04.2024
Penşenbe
13.05.2024
Duşenbe
22.05.2024
Çarşenbe
Aşgabat şäheri
Magtymguly şaýoly 73-nji jaýy, "Türkmenistan" söwda merkezi
Aşgabat şäheri
Şahamçasy
Parahat 1 ýaşaýyş toplumy, 1953-nji (Ýaşlar) köçesi, 144-nji jaýy
Änew şäheri
Şahamçasy
Azatlyk köçesi, 15-nji jaýy
Okuwlar
Rus Dili dowam etýänler üçin

“Русский язык для продолжающих” tapgyryny üstünlikli özleşdiren diňleýijiler:

- has çuňlaşdyrylan sözler we söz düzümlerini ulanmagy we çylşyrymly tekstler bilen işlemegi, dürli temalarda ýagny wagtlar, türkmen toýlary hakynda, senenama, dünýä ýurtlary we şäherleri hakynda, eserler hakynda, keseller we hassalar, otel, restoran, teatr, konsert, muzeý, galereýa ýaly temalarda öz ara gürrüňdeşlik geçirmegi hem de ýazuw arkaly ýazyp has içgin özleşdirmegi;

- gramatikanyň esaslaryndan: существительные, сказуемое, местоимения, Настоящее, Прошедшее, Будущее время глагола, Главные/Второстепенные члены предложения, Прямая речь, словосочитание ýaly materiallary sözleýişde we ýazuwda ulanmagy öwrenerler.

Elementar Funksiýalar we Geometriýanyň Başlangyçlary

“Matematika II” kursuny tamamlan diňleýjiler matematika ylmynyň çuňňurlygyna aralaşyp başlarlar. Bu kursda diňleýjiler geometrýa degişli: geometriýanyň esasy düşünjeleri we üçburçluklara degişli mysallar bilen, algebra degişli bolsa: kwadrat we n-nji derejeli kökler, kwadrat deňlemeler we deňsizlikler, modul bilen baglanşykly deňlemeler we deňsizlikler, görkezijili deňlemeler, funksiýalara we kwadrat funksiýalara degişli mysallar we testler bilen tanşyp bilerler.

Iňlis Dili “Kids 4”

Iňlis dili “Kids 4” kursuny tamamlan diňleýjiler seneleri aýtmagy, geljeki zamanda sözlemleri gurmagy, ulalanda haýsy kärde işlemek isleýändiklerini beýan etmegi, öz pikirlerini aýtmagy, öten zamanda sözlem gurmagy, başgalara öz kömegi hödürlemegi, halaýan we halamaýan zatlaryny beýan etmegi öwrenerler.

Trigonometriýanyň Esaslary we Üçburçluklar

“Matematika III” kursunda diňleýjiler geometrýa degişli: gönüburçly, deňýaňly we deňtaraply üçbuçluklar, üçburçlugyň medianasy, bissektrisasy we beýikligi, üçbuçlygyň meýdany we meňzeşlik nyşanlary mowzuklary bilen baglanşykly, algebra degişli bolsa: trigonometriýa, logarifmiki deňlemeler we deňsizlikler we polinom mowzugyna degişli mysallar we testler bilen tanşyp bilerler.

“Iňlis Dili – Advanced”

“Iňlis dili – Advanced” kursyny tamamlan diňleýjiler  iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz  ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar. Diňleýjiler birnäçe temada daşary ýurtly ynsanlar bilen uzyn möhletli gepleşikleri ýerine ýetirip bilerler, her hili temada kitaplary okap aňsatlyk bilen düşünip ýa-da düşündirip bilerler, göçme manyly sözleriň manylaryny has ýeňil düşünerler, giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap, özleşdirip, aňsatlyk bilen düşündirip bilerler. Iňlis dilini jemgyýetimizde her hili pudaklarda arkaýyn ulanyp bilerler. Hem-de öz pikirlerini iňlis dilinde beýan edip bilerler.

“Iňlis Dili – Beginner”

“Iňlis dili – Beginner” kursyny tamamlan diňleýjiler iňlis diliniň umumy temalary bolan tanyşmagy, salamlaşmagy, şahsy maglumatlary aýdyp bilmegi, sada sözlemler düzüp bilmegi we sada soraglar sorap bilmegi, ýöňkemeleri, eýe we habaryň gurluşyny, wagt we sagada degişli sözlemleri öwrenip bilerler. Sada sözlemler bilen daşary ýurtly raýatlar bilen gürrüňdeş bolup bilerler, sada sözlemleri ýazyp ýada okap bilerler, günlük durmuşymyzda gerek bolan gepleşikleri aýdyp bilerler, özüni ýa-da ýanyndaky birini tanadyp biler.

Iňlis Dili – Upper Intermediate

“Iňlis dili – Upper Intermediate” kursyny tamamlan diňleýjiler iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz  ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar. Diňleýjiler birnäçe temada daşary ýurtly ynsanlar bilen uzyn möhletli gepleşikleri ýerine ýetirip bilerler, her hili temada kitaplary okap aňsatlyk bilen düşünip ýa-da düşündirip bilerler, göçme manyly sözleriň manylaryny has ýeňil düşünerler, giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap özleşdirip aňsatlyk bilen düşündirip bilerler, iňlis dilini jemgyýetimizde her hili pudaklarda arkaýyn ulanyp bilerler.

Web Programmirleme

“Web Programmirleme” kursyny tamamlan diňleýjiler web ulgamynda ulanylýan programmirleme usullaryny, maglumat ammaryny emele getirmek, maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak ýaly möhüm tilsimleri öwrenerler. Mundan daşary hem diňleýjiler döwrebap web tehnologiýalar bilen tanyşdyrylar we bu tehnologiýalaryň degişli ulanyş ýerleri barada doly maglumat beriler.

Web Dizaýn

“Web Dizaýn” kursyny tamamlan diňleýjiler web äleminiň tilsimleri bilen ýakyndan tanşyp, zerur bolan dizaýn esbaplary ulanmak, ol esbaplar kömegi bilen täsin, funksional we estetiki taýdan görnükli web sahypalary taýýarlamak ýaly işleriň ýerine ýetirilişi içgin öwrenerler.

Intermediate

“Iňlis dili – Intermediate”  kursyny tamamlan diňleýjiler  iňlis diliniň söz gurluşyny has içgin öwrenip özleşdirip bilerler. Daşary ýurtly ynsanlar bilen birnäçe tema hakynda  uzyn möhletli gürleşip bilerler, çylşyrymly sözlemleri okap düşünip bilerler. Bellenen temalarda düşünjelerini has giňişleýin aýdyp bilerler, gündelik durmuşymyzyň birnäçe bölümlerinde aňsatlyk bilen düşünişip bilerler,  işi bilen baglanyşykly terminleri bilerler we  bu terminleri ulanyp  özleri barada gürrüň berip bilerler, döwrebap syýasy temalar barada negatif ýa-da pozitif öz düşünjelerini beýan edip bilerler.

Programmirlemäniň Esaslary

“Programmirleme Dilleri” kursyny tamamlan diňleýjiler programmirleme dilleri we programma düzme tilsimleriniň içgin syrlary bilen tanyşdyrylar. Programmirleme dilleriň aýratynlyklary, taslama düzmegiň ädimleri, programmanyň dogrulygyny barlamagyň usullary ýaly goşmaça möhüm maglumatlary öwrenerler. Mundan başga-da, diňleýji algoritmler dünýäsinden birnäçe belli algoritmler bilen tanyşar, algoritm düzmegiň we seljermegiň ýollaryny öwrener.

Çagalar üçin Iňlis Dili

Iňlis dili (Çagalar üçin) okuwy 6-11 ýaşly çagalar üçin niýetlenendir. Makasatnamalar düzülende iňlis diliniň  özboluşly häsiýeti göz öňünde tutulyp, Diýarymyzda we Beýik Britaniýanyň okuw mekdeplerinde giňden ulanylýan iň ygtybarly, iň kämil okuw kitaplary we gollanmalary peýdalanyldy. Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen sapaklaryň dowamynda oýunlar, aýdymlar we sahnalar hem maksatnama goşuldy.

Çäreler
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
Talent Show

Dürli psihologlaryň tejribesine esaslanyp, döredijiligiň we sportyň çagalara diňe bir öz mümkinçiliklerini açmak we özlerini tapmak üçin kömek etýändigi subut edildi. Okuwçylarymyzyň zehinini ösdürmek we ýaşlara durmuş ýoluna ugrukdyrmak üçin “Talent Show” atly gyzykly programma taýýarladyk. 

Gujurly Bilim Merkezi bilim merkeziniň diwarlarynyň arasynda tomus möwsüminde her ýyl diňleýjileriň arasynda talant şow geçirilýär. Uly göwrümli ýaryşa taýýarlyk tomusky okuw möwsüminde geçirilýär we dabaranyň uly finaly tomsuň ahyrynda geçirilýär. Geçen ýyl 2022-nji ýylyň birinji tapgyrynda konkurs üçin 200 töweregi kandidat ýüz tutdy, şolaryň arasynda indiki tapgyra 50 dalaşgärler saýlandy. Soň bolsa 3 ýeňiji saýlanyldy. Bu çäre TMÝG we Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň goldawy bilen geçirildi.

Ýöne muňa garamazdan, gatnaşyjylaryň hemmesi begendiler, sebäbi ýüzlerçe deň-duşlarynyň we abraýly emin agzalarynyň öňünde uly sahnada çykyş etmek bilen, bahasyna ýetip bolmajak tejribe gazandylar. Şeýle hem, bu - üçin döredijilik agşamlary we döredijilikli adamlar toparyndakylar, dostlar we mugallymlar bilen uly konserta repetisiýalary boldy. Şeýlelik bilen, çagalara özlerini beýan etmek we zehinlerini we hakyky isleglerini açmak üçin ajaýyp pursat boldy we bu ýaryşyň netijesinde çagalara we ýaşlara zehinlerini görkezmäge we ösdürmäge we geljekki hünärmenleri kesgitlemäge kömek edip biljekdigimize tüýs ýürekden ynanýarys.

  • Golden Bookmark
  • Golden Bookmark
  • Golden Bookmark
  • Golden Bookmark
  • Golden Bookmark
Golden Bookmark

“Golden Bookmark” - bu okamak bäsleşigi. Bu bäsleşik her ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň goldawy bilen bilim merkezimizde geçirilýär.

Her tapgyrda bäsleşige dürli žanrlardaky kitaplar hödürlenýär. Bu bäsleşige hödürlenýän kitaplaryň üç dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dillerindedigini hem belläp geçmek gerek. Bäsleşige gatnaşanlar saýlan kitabyny okandan soň, kitapdaky tekstiň manysyna, berlen faktlara hem-de pikirlere nähili derejede düşünendiklerine baha berýän ýörite synag tabşyrýarlar. Bu bäsleşik biziň okuw merkezimiziň diňleýjileriniň arasynda 2016-njy ýyldan bäri her tapgyr geçirilip gelýär. Bäsleşigiň maksady ýaşlary kitaphana medeniýeti bilen tanyşdyrmak we diňleýjilerimizde okamaga bolan söýgini has-da artdyrmak bolup durýar.

  • Sport
  • Sport
  • Sport
  • Sport
  • Sport
  • Sport
Sport

Çagalaryň ruhuny we bedenini terbiýelemekde sport örän möhüm ýer alýar. Şol sebäpli bilim merkezimizde köp sanly sport çäreleri we ýaryşlar geçirýäris: futbol, tennis we stol tennisi.

Sport çäreleri, türgenleşikler we ýaryşlar okuwyň we ýaşlaryň ösmegi üçin täsirli we özüne çekiji usuldyr. Topar oýunlaryna gatnaşyp, çaga okuwda we gündelik durmuşda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen birlikde saglyga we psihologiki ýagdaýa oňyn täsir edýär.

  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
Jadyly ses

Jadyly ses - bu Gujurly Bilim merkeziniň diňleýjileriniň talantlaryny we aýdym-saz ukyplaryny ýüze çykarmak we sungata bolan söýgülerini artdyrmak üçin her tapgyr gurnalýan bäsleşikdir!

Eger siz hem biziň diňleýjimiz bolýan bolsaňyz, aýdym aýtmaga ukybyňyz bar bolsa we saz sungatynda özüňizi kämilleşdirmek isleýän bolsaňyz onda biz size garaşýarys!

  • Chatterbox
  • Chatterbox
  • Chatterbox
Chatterbox

Iňlis dilini bilmek we beýleki dil höwesjeňleri bilen aragatnaşyk gurmak üçin gürleşmek klubyňyz “ChatterBox”-a hoş geldiňiz.

Biziň wezipämiz, iňlis dilini öwrenip, beýlekilerden tejribe alyp we dowamly baglanyşyk gurup boljak, goldaw beriji we özüne çekiji gurşaw döretmekdir. Söhbetdeşlere gürleşmek islänlerinde mikrofon berilýär.

Iň işjeň gatnaşyjyny ses bermek arkaly saýlanýar we günüň "chatterbox-y" hökmünde sylaglanýar. Gyzykly soraglar, gyzykly meseleler we çäreler gatnaşyjylary höweslendirýär. Ýeňijilere we 3 gezek gatnaşýanlara Chatterbox agzalygy barada şahadatnama berilýär. Jemgyýetimize goşulmaga we biziň bilen bu gyzykly dil öwreniş syýahatyna başlamaga çagyrýarys. Geliň, söhbet edeliň!

Mugallymlar
  • Aynur Matjikova
    Aynur Matjikova
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 5+ ýyl

    Bilimi: ýokary. Magistr derejesi.

    Güýmenjeleri: Kitap okamak, surat çekmek we tans etmek

  • Dovletgeldi Rejepov
    Dovletgeldi Rejepov
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 15+ ýyl 

    Bilimi: ýokary

    Güýmenjeleri: kitap okamak, aýdym bilen meşgullanmak, futbol oýnamak

  • Maksat Ashyrov
    Maksat Ashyrov
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 15+ ýyl 

    Bilimi: ýokary. Dilçi

    Güýmenjeleri: futbol, kitap okamak, bilýard, bagbançylyk

  • Amanmyrat Atayev
    Amanmyrat Atayev
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 10+ ýyl 

    Bilimi: Magistr derejesi

    Güýmenjeleri: kitap okamak, futbol, kino görmek

  • Rowshen Myratgulyyev
    Rowshen Myratgulyyev
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 10+ ýyl

    Bilimi: ýokary. Iňlis dili hünäri boýunça dilçi

    Güýmenjeleri: Kitap okamak, gitara çalmak

  • Merdan Amanyazov
    Merdan Amanyazov
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 20+ ýyl 

    Bilimi: ýokary

    Güýmenjeleri: basketbol, tehnologiýa

Wideolar
Mugallymlar
GBM Talant ýaryşy
Hytaý Täze ýyly
Gujurly bilim merkezi
Gujurly bilim merkezini halaýaryn
Änew şahamçamyza hoş geldiňiz