Iňlis dili
headway-beginner-sb
Beginner
12 hepde     108 sagat
“Iňlis dili – Beginner” kursyny tamamlan diňleýjiler iňlis diliniň umumy temalary bolan tanyşmagy, salamlaşmagy, şahsy maglumatlary aýdyp bilmegi, sada sözlemler düzüp bilmegi we sada soraglar sorap bilmegi, ýöňkemeleri, eýe we habaryň gurluşyny, wagt we sadada degişli sözlemleri öwrenip bilerler. Sada sözlemler bilen daşary ýurtly raýatlar bilen gürrüňdeş bolup bilerler, sada sözlemleri ýazyp ýada okap bilerler, günlük durmuşymyzda gerek bolan gepleşikleri aýdyp bilerler, özüni ýada ýanyndaky birini tanadyp biler.
Ýazylmak
headway-beginner-sb
Elementary
Hepde-de 3 gün      108 sagat
“Iňlis dili – Elementary” kursyny tamamlan diňleýjiler sada abzaslary ýazyp bilerler, beginner kursundaky geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler, öwrenen zaman işlikleri bilen özlerini tanadyp bilerler, dükanlardan harytlary satyn alyp bilerler, bahalaryny sorap bilerler, bahalar barada pikirlerini sada sözlemler bilen aýdyp bilerler, geçmiş zaman, geljek zaman, häzirki zaman işliklerinde gürrüň berip bilerler, ukyplary hakkynda gürläp bilerler(ability-CAN), sanalýan we sanalmaýan jisimleri tapawut edip bilerler, jisimleri ýada adamlary sypatlandyrmagyň derejelerini aýdyp bilerler.
Ýazylmak
headway-beginner-sb
Pre Intermediate
 12 hepde     144 sagat
“Iňlis dili – Pre Intermediate” kursyny tamamlan diňleýjilergünlük işleri mynasybetli daşary ýurtly raýatlar bilen aňsatlyk bilen düşünişip bilerler, täze öwrenen söz gurluşlary bilen has çylşyrymly bolmaýan abzaslary okap öwrenip özleşdirip bilerler, dili aýdyň ulanylan ýazgylaryň, abzaslaryň öwretmek isleýän manylaryny aňsatlyk bilen düşünip bilerler, meşgullanýan işi bilen baglanyşykly kyn abzaslarada düşünip bilerler, daşary ýurtlarda syýahatlarda bolup biljek kynçylyklary ýeňillik bilen, bökdençsiz ýeňip geçip bilerler, başyndan geçen wakalary gürrüň berip bilerler.
Ýazylmak
headway-beginner-sb
Intermediate
 12 hepde     144 sagat
“Iňlis dili – Intermediate” kursyny tamamlan diňleýjiler iňlis diliniň söz gurluşyny has içgin öwrenip özleşdirip bilerler. Daşary ýurtly ynsanlar bilen birnäçe tema hakynda uzyn möhletli gürleşip bilerler, çylşyrymly sözlemleri okap düşünip bilerler, ýazyp bilerler. Bellenen temalarda düşünjelerini has giňişleýin aýdyp bilerler, gündelik durmuşymyzyň birnäçe bölümlerinde aňsatlyk bilen düşünişip bilerler, işi bilen baglanyşykly terminleri bilerler we bu terminleri ulanyp özleri barada gürrüň berip bilerler, döwrebap syýasy temalar barada negatif ýada pozitif öz düşünjelerini beýan edip bilerler.
Ýazylmak
headway-beginner-sb
Upper Intermediate
 12 hepde     144 sagat
“Iňlis dili – Upper Intermediate” kursyny tamamlan diňleýjiler iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar. Diňleýjiler birnäçe temada daşary ýurtly ynsanlar bilen uzyn möhletli gepleşikleri ýerine ýetirip bilerler, her hili temada kitaplary okap aňsatlyk bilen düşünip ýada düşündirip bilerler, göçme manyly sözleriň manylaryny has ýeňil düşünerler, giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap özleşdirip aňsatlyk bilen düşündirip bilerler, iňlis dilini jemgyýetimizde her hili pudaklarda arkaýyn ulanyp bilerler.
Ýazylmak
headway-beginner-sb
Advanced
 12 hepde     108 sagat
“Iňlis dili – Advanced” kursyny tamamlan diňleýjiler iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar. Diňleýjiler birnäçe temada daşary ýurtly ynsanlar bilen uzyn möhletli gepleşikleri ýerine ýetirip bilerler, her hili temada kitaplary okap aňsatlyk bilen düşünip ýada düşündirip bilerler, göçme manyly sözleriň manylaryny has ýeňil düşünerler, giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap özleşdirip aňsatlyk bilen düşündirip bilerler, iňlis dilini jemgyýetimizde her hili pudaklarda arkaýyn ulanyp bilerler. Öz pikirlerini iňlis dilinde beýan edip bilerler.
Ýazylmak