Iňlis dili

    “Iňlis dili – Beginner”  kursyny tamamlan diňleýjiler   iňlis diliniň umumy temalary bolan tanyşmagy, salamlaşmagy, şahsy maglumatlary aýdyp bilmegi, sada sözlemler düzüp bilmegi we sada soraglar sorap bilmegi, ýöňkemeleri, eýe we habaryň gurluşyny, wagt we sadada degişli sözlemleri  öwrenip bilerler.  Sada sözlemler bilen daşary ýurtly raýatlar bilen gürrüňdeş bolup bilerler, sada sözlemleri ýazyp ýada okap bilerler, günlük durmuşymyzda gerek bolan gepleşikleri aýdyp bilerler, özüni ýada ýanyndaky birini tanadyp biler.  

    “Iňlis dili – Elementary” kursyny tamamlan diňleýjiler sada abzaslary ýazyp bilerler, beginner kursundaky geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler, öwrenen zaman işlikleri bilen özlerini tanadyp bilerler, dükanlardan harytlary satyn alyp bilerler, bahalaryny sorap bilerler, bahalar barada pikirlerini sada sözlemler bilen aýdyp bilerler,  geçmiş zaman, geljek zaman, häzirki zaman işliklerinde gürrüň berip bilerler, ukyplary hakkynda gürläp bilerler(ability-CAN), sanalýan we sanalmaýan jisimleri tapawut edip bilerler, jisimleri ýada adamlary sypatlandyrmagyň derejelerini aýdyp bilerler. 

    “Iňlis dili – Pre Intermediate”  kursyny tamamlan diňleýjilergünlük işleri mynasybetli daşary ýurtly raýatlar bilen aňsatlyk bilen düşünişip bilerler, täze öwrenen söz gurluşlary bilen  has çylşyrymly bolmaýan abzaslary okap öwrenip özleşdirip bilerler, dili aýdyň ulanylan ýazgylaryň, abzaslaryň öwretmek isleýän manylaryny aňsatlyk  bilen düşünip bilerler, meşgullanýan işi bilen baglanyşykly kyn abzaslarada düşünip bilerler, daşary ýurtlarda syýahatlarda bolup biljek kynçylyklary ýeňillik bilen, bökdençsiz ýeňip geçip bilerler, başyndan geçen wakalary gürrüň berip bilerler.  

    “Iňlis dili – Intermediate”  kursyny tamamlan diňleýjiler  iňlis diliniň söz gurluşyny has içgin öwrenip özleşdirip bilerler. Daşary ýurtly ynsanlar bilen birnäçe tema hakynda  uzyn möhletli gürleşip bilerler, çylşyrymly sözlemleri okap düşünip bilerler, ýazyp bilerler. Bellenen temalarda düşünjelerini has giňişleýin aýdyp bilerler, gündelik durmuşymyzyň birnäçe bölümlerinde aňsatlyk bilen düşünişip bilerler,  işi bilen baglanyşykly terminleri bilerler we  bu terminleri ulanyp  özleri barada gürrüň berip bilerler, döwrebap syýasy temalar barada negatif ýada pozitif öz düşünjelerini beýan edip bilerler. 

    “Iňlis dili – Upper Intermediate”  kursyny tamamlan diňleýjiler  iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz  ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar.  Diňleýjiler birnäçe temada daşary ýurtly ynsanlar bilen uzyn möhletli gepleşikleri ýerine ýetirip bilerler, her hili temada kitaplary okap aňsatlyk bilen düşünip ýada düşündirip bilerler,  göçme manyly sözleriň manylaryny has ýeňil düşünerler,  giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap özleşdirip aňsatlyk bilen  düşündirip bilerler, iňlis dilini jemgyýetimizde her hili pudaklarda arkaýyn ulanyp bilerler.

    “Iňlis dili – Advanced”  kursyny tamamlan diňleýjiler  iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz  ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar.  Diňleýjiler birnäçe temada daşary ýurtly ynsanlar bilen uzyn möhletli gepleşikleri ýerine ýetirip bilerler, her hili temada kitaplary okap aňsatlyk bilen düşünip ýada düşündirip bilerler,  göçme manyly sözleriň manylaryny has ýeňil düşünerler,  giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap özleşdirip aňsatlyk bilen  düşündirip bilerler, iňlis dilini jemgyýetimizde her hili pudaklarda arkaýyn ulanyp bilerler. Öz pikirlerini iňlis dilinde beýan edip bilerler.