Çagalar üçin iňlis dili

    Iňlis dili (Çagalar üçin) okuwy 6-11 ýaşly çagalar üçin niýetlenendir. Makasatnamalar düzülende  iňlis diliniň  özboluşly häsiýeti  göz öňünde tutulyp, Diýarymyzda we Beýik Britaniýanyň okuw mekdeplerinde giňden ulanylýan  iň  ygtybarly,  iň kämil  okuw kitaplary we gollanmalary  peýdalanyldy. Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen sapaklaryň dowamynda  oýunlar, aýdymlar we sahnalar hem maksatnama goşuldy.

    Iňlis dili “Kids Starter”  kursuny tamamlan diňleýjiler  iňlis diliniň  elipbiýini, 1-den 20-ä çenli sanamagy, öz adyny aýtmagy, käbir reňkleriň atlaryny aýtmagy, “Bu näme?” ýaly örän ýönekeý soraglary soramagy, käbir haýwanlaryň atlaryny aýtmagy, käbir kärleriň atlaryny, käbir mekdep esbaplarynyň atlaryny öwrenerler.

    Iňlis dili “Kids 1”  kursuny tamamlan diňleýjiler  iňlis diliniň  umumy temalary bolan  tanyşlygy,  salamlaşmagy, başgalary tanatmagy, sada sözlemleri düzüp bilmegi  we sada  soraglar sorap bilmegi,  ýöňkemeleri, eýe  we habar  gurluşyny, wagt we sagada degişli  sözlemleri  öwenip bilerler.

    Iňlis dili “Kids 2”  kursuny tamamlan diňleýjiler  sada abzaslary ýazyp bilerler,  Kids 1 kursundaky  geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler, gyzyklanmalary   barada, gündelik edýän işleri barada, gürrüňdeşlik geçirip bilerler hem-de kärler barada öwrenerler.

    Iňlis dili “Kids 3” kursuny tamamlan diňleýjiler has kynrak sözlemler gurmagy, mylakatly jogaplar bermegi, zatlary mukdaryny beýan etmegi, düýnki we şugünki howa barada gürrüň açmagy, ýaşaýan ýeriň barada sorag-jogap alyşmagy, kärler we iş ýerleri barada gürleşmegi, adamlary deňeşdirmegi öwrenerler.

    Iňlis dili “Kids 4” kursuny tamamlan diňleýjiler seneleri aýtmagy, geljege zamanda sözlemleri gurmagy, ulalanda haýsy kärde işlemek isleýändiklerini beýan etmegi, öz pikirlerini aýtmagy, öten zamanda sözlem gurmagy, başgalara öz kömegi hödürlemegi, halaýan we halamaýan zatlaryny beýan etmegi öwrenerler.

    Iňlis dili “Kids 5” kursuny tamamlan diňleýjiler zatlary san we mukdarda aýtmagy, deňeşdirmegi we öz pikirini beýan etmegi, dynç alyş günleri barada gürrüň açmagy, howa barada gürrüň etmegi, halaýan we halamaýan zatlaryny beýan etmegi, pasyllary we howalary barada gürrüň etmegi we öz pikirini aýtmagy, ýoldaşyndan daşary ýurtda bolup görenligi barada gürrüň açmagy öwrenerler.

    Iňlis dili “Kids 6” kursuny tamamlan diňleýjiler degişliligi beýan etmegi, tassyklamagy, maslahat soramagy, rugsat soramagy, daşary ýurt dilleri we tagamlary barada gürrüň açmagy, wagty (dowamlylygyň) beýan etmegi, başarnyklaryň (öten zamanda) beýan etmegi, etmek isleýän zatlaryň barada gürrüň etmegi öwrenerler.