Nemes dili

    Nemes dili “Niveaustufe A1”  kursuny tamamlan diňleýjiler nemes diliniň umumy temalary bolan tanyşlygy, salamlaşmagy, şahsy maglumatlay  aýdyp bilmegi, sada sözlemleri düzüp bilmegi  we sada  soraglar sorap bilmegi,  ýöňkemeleri, eýe  we habar  gurluşyny, wagt we sagada degişli  sözlemleri  öwenip bilerler. Sada sözlemler  sözlemler bilen  daşary ýurtly raýatlar  bilen gürrüňdeş bolup bilerler, sada sözlemleri  ýazyp ýa-da  okap bilerler, gündelik durmuşymyzda   gerek bolan  gepleşikleri  aýdyp bilerler, özüni we ýanyndaky birini tanyşdyryp bilerler.

    Nemes dili “Niveaustufe A2”  kursuny tamamlan diňleýjiler sada abzaslary ýazyp bilerler, A1 kursundaky  geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler, öwrenen zaman şekilleri bilen özlerini tanadyp bilerler,  öten zaman, geljek  zaman, häzirki zaman şekillerinde gürrüň berip bilerler,  gyzyklanmalary   barada  gürrüňdeşlik geçirip bilerler.   

    Nemes dili “Niveaustufe B1”  kursuny tamamlan diňleýjiler gündelik işleri barasynda daşary ýurtly raýatlar bilen  aňsatlyk bilen düşünşip bilerler,  täze öwrenen sözlem gurluşlary bilen  çylşyrymly bolmadyk  abzaslary   düşünip we ýazyp bilerler. Diňleýjiler bermek isleýän maglumatlaryny aňsatlyk bilen  düşündirip,   kyn tekstlere düşünip bilerler we özleri we gyzyklanmalary barda söhbetdeşlik edip bilerler.  Maglumatlary dökdençsiz aýtmagy başaryp bilerler.

    Nemes dili “Niveaustufe B2”  kursuny tamamlan diňleýjiler nemes diliniň sözlem gurluşlaryny has içgin öwrenip bilerler. Daşary ýurtly raýatlar bilen uzak möhletli gürrüňdeşligi alyp baryp bilerler,  uly tekstleri  ýazyp bilerler.  Berlen temalar boýunça has giňişleýin  pikirlerini aňladyp bilerler, dündelik durmuş bilen bagly  maglumatlary aňsatlyk bilen  düşündirip bilerler.  Iş bilen bagly terminlere düşünip we  olary ulanyp  özleri barada gürrüň berip bilerler,  döwrebap temalar barada öz pikirlerini beýan edip bilerler.

    Nemes dili “Niveaustufe C1”  kursuny tamamlan  diňeýjiler nemes dilini ýalňyşsyz ulanyp bilmek derejesine  eýe bolarlar. Diňleýjiler  birnäçe temalar boýunça daşary ýurtly  raýatlar bilen  uzyn gepleşikleri alyp baryp bilerler,  dürli temalar boýunça  kitaplary okap,  oňa aňsatlyk bilen düşünip bilerler,  giňişleýin we  çylşyrymly  abzaslary  okap,  oňa aňsatlyk bilen düşünip  bilerler  we göçme manyly  sözlere düşünip bilerler. Diňleýjiler ele alan bilimlerini ýurdumyzyň dürli pudaklarynda  ulanyp bilerler.

    Nemes dili “Niveaustufe C2”  kursuny tamamlan diňleýjiler dilide suwara gürlemegiň ýollaryny ele alarlar. Diňleýjiler birnäçe temalar boýunça daşary ýurtly raýatlar bilen  uzyn gepleşikleri alyp baryp bilerler,  dürli temalar boýunça  kitaplary okap,  düşünip bilerler. Bu derejede diňleýjiler gazet-žurnallardan makalalary okap, olara aňsatlyk bilen düşünip bilerler we pikirlerini suwara beýan edip bilerler. Diňleýjiler ele alan bilimlerini ýurdumyzyň dürli pudaklarynda  ulanyp bilerler.