Synag 1 Synag 2 Synag 3 Final
28.03.2024
Penşenbe
25.04.2024
Penşenbe
13.05.2024
Duşenbe
22.05.2024
Çarşenbe
Aşgabat şäheri
Magtymguly şaýoly 73-nji jaýy, "Türkmenistan" söwda merkezi
Aşgabat şäheri
Şahamçasy
Parahat 1 ýaşaýyş toplumy, 1953-nji (Ýaşlar) köçesi, 144-nji jaýy
Änew şäheri
Şahamçasy
Azatlyk köçesi, 15-nji jaýy
Okuwlar
Intermediate

“Iňlis dili – Intermediate”  kursyny tamamlan diňleýjiler  iňlis diliniň söz gurluşyny has içgin öwrenip özleşdirip bilerler. Daşary ýurtly ynsanlar bilen birnäçe tema hakynda  uzyn möhletli gürleşip bilerler, çylşyrymly sözlemleri okap düşünip bilerler. Bellenen temalarda düşünjelerini has giňişleýin aýdyp bilerler, gündelik durmuşymyzyň birnäçe bölümlerinde aňsatlyk bilen düşünişip bilerler,  işi bilen baglanyşykly terminleri bilerler we  bu terminleri ulanyp  özleri barada gürrüň berip bilerler, döwrebap syýasy temalar barada negatif ýa-da pozitif öz düşünjelerini beýan edip bilerler.

Programmirlemäniň Esaslary

“Programmirleme Dilleri” kursyny tamamlan diňleýjiler programmirleme dilleri we programma düzme tilsimleriniň içgin syrlary bilen tanyşdyrylar. Programmirleme dilleriň aýratynlyklary, taslama düzmegiň ädimleri, programmanyň dogrulygyny barlamagyň usullary ýaly goşmaça möhüm maglumatlary öwrenerler. Mundan başga-da, diňleýji algoritmler dünýäsinden birnäçe belli algoritmler bilen tanyşar, algoritm düzmegiň we seljermegiň ýollaryny öwrener.

Elementar Funksiýalar we Geometriýanyň Başlangyçlary

“Matematika II” kursuny tamamlan diňleýjiler matematika ylmynyň çuňňurlygyna aralaşyp başlarlar. Bu kursda diňleýjiler geometrýa degişli: geometriýanyň esasy düşünjeleri we üçburçluklara degişli mysallar bilen, algebra degişli bolsa: kwadrat we n-nji derejeli kökler, kwadrat deňlemeler we deňsizlikler, modul bilen baglanşykly deňlemeler we deňsizlikler, görkezijili deňlemeler, funksiýalara we kwadrat funksiýalara degişli mysallar we testler bilen tanşyp bilerler.

Web Dizaýn

“Web Dizaýn” kursyny tamamlan diňleýjiler web äleminiň tilsimleri bilen ýakyndan tanşyp, zerur bolan dizaýn esbaplary ulanmak, ol esbaplar kömegi bilen täsin, funksional we estetiki taýdan görnükli web sahypalary taýýarlamak ýaly işleriň ýerine ýetirilişi içgin öwrenerler.

Arhitektur Çyzuw

“Kompýuter III – AutoCAD” kursyny tamamlan diňleýjiler 2 ölçegli (2D) we 3 ölçegli (3D) çyzgylary çyzyp bilerler.

Rus Dili başlaýanlar üçin

“Русский язык для начинающих” tapgyryny üstünlikli özleşdiren diňleýijiler:  

- dürli temalar boýunça: salamlaşmak – sagbollaşmak, ӧz durmuşy hakynda, maşgala, duşuşyk,  telefon arkaly gürleşmek hakynda öz ara gürrüňdeş bolmagy, diňleýiji öz dostlary hakynda, ýaşaýan şäheri hakynda, öz watany hakynda, synpdaşlary hakynda dürli gürrüňleri bermegi;

- gramatikanyň esaslaryndan: Настоящее время глагола, существительные, сказуемое, подежи, суффиксы, приставки, местоимения, Главные /Второстепенные члены предложения ýaly materiallary sӧzlemlerde we söhbetdeşlik arkaly bolsa sözleýişde ulanmagy öwrenerler.

“Iňlis Dili – Pre Intermediate”

“Iňlis dili – Pre Intermediate” kursyny tamamlan diňleýjiler günlük işleri mynasybetli daşary ýurtly raýatlar bilen aňsatlyk bilen düşünişip bilerler, täze öwrenen söz gurluşlary bilen has çylşyrymly bolmaýan abzaslary okap öwrenip özleşdirip bilerler, dili aýdyň ulanylan ýazgylaryň, abzaslaryň öwretmek isleýän manylaryny aňsatlyk  bilen düşünip bilerler, meşgullanýan işi bilen baglanyşykly kyn abzaslarada düşünip bilerler, daşary ýurtlarda syýahatlarda bolup biljek kynçylyklary ýeňillik bilen, bökdençsiz ýeňip geçip bilerler, başyndan geçen wakalary gürrüň berip bilerler.

Algebra We Analiziň Başlangyçlary we Aýlanma Jisimleri

“Matematika V” kursunda diňleýjiler geometrýa degişli: köpgranlyklar we aýlanma jisimleri mowzuklary bilen baglanşykly, algebra degişli bolsa: funksiýanyň predeli we önümi, kesgitli we kesgitsiz integrallar, faktorial, kombinatorika, binom-nýuton, ähtimallyklar teoriýasy mowzuklaryna degişli mysallar we testler bilen tanşyp bilerler.

IELTS

IELTS (International English Language Testing System) – bu, edil TOEFL ýaly, iňlis dilini biliş derejäňi ölçeýän halkara synagdyr. IELTS iki görnüşli synag hödürleýär: biri Akademiki, beýlekisi Umumy Barlag. Ýokary okuwa ýa-da işe girjek bolanyňyzda onuň esasan akademiki görnüşiniň netijeleri talap edilýär. IELTS diňlemek, okap düşünmek, gepleşik we ýazmak  ukyplaryňy barlaýan 4 bölümden ybaratdyr.

“Iňlis dili – IELTS” kursunyň dowamynda diňleýjilere IELTS testi barada gysgaça tanyşdyrylyşdan soňra synagda wagty tygşytly peýdalanmak, aljyramazlyk, synagy aňsat ýollar bilen çözmegiň usullary barada maslahatlar berler. Şeýle-de diňleýjiler hakyky synagdaky ýaly testleriň üsti bilen dil başarnyklaryny ösdürip bilerler.

Iňlis Dili “Kids 6”

Iňlis dili “Kids 6” kursuny tamamlan diňleýjiler degişliligi beýan etmegi, tassyklamagy, maslahat soramagy, rugsat soramagy, daşary ýurt dilleri we tagamlary barada gürrüň açmagy, wagty (dowamlylygyň) beýan etmegi, başarnyklaryň (öten zamanda) beýan etmegi, etmek isleýän zatlaryň barada gürrüň etmegi öwrenerler.

Grafika 2D

"Kompýuter II– Adobe Photoshop, Coreldraw” kursyny tamamlan diňleýjiler Adobe Photoshop programmasynyň kömegi bilen suratlaryň üstünde işläp bilerler, Coreldraw programmasynyň kömegi bilen bolsa mahabatlandyrma işlerini taýýarlap bilerler. 

“Niveaustufe A2”

Nemes dili “Niveaustufe A2” kursuny tamamlan diňleýjiler sada abzaslary ýazyp bilerler, A1 kursundaky geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler, öwrenen zaman şekilleri bilen özlerini tanadyp bilerler, öten zaman, geljek zaman, häzirki zaman şekillerinde gürrüň berip bilerler, gyzyklanmalary barada gürrüňdeşlik geçirip bilerler.

Çäreler
  • Golden Bookmark
  • Golden Bookmark
  • Golden Bookmark
  • Golden Bookmark
  • Golden Bookmark
Golden Bookmark

“Golden Bookmark” - bu okamak bäsleşigi. Bu bäsleşik her ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň goldawy bilen bilim merkezimizde geçirilýär.

Her tapgyrda bäsleşige dürli žanrlardaky kitaplar hödürlenýär. Bu bäsleşige hödürlenýän kitaplaryň üç dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dillerindedigini hem belläp geçmek gerek. Bäsleşige gatnaşanlar saýlan kitabyny okandan soň, kitapdaky tekstiň manysyna, berlen faktlara hem-de pikirlere nähili derejede düşünendiklerine baha berýän ýörite synag tabşyrýarlar. Bu bäsleşik biziň okuw merkezimiziň diňleýjileriniň arasynda 2016-njy ýyldan bäri her tapgyr geçirilip gelýär. Bäsleşigiň maksady ýaşlary kitaphana medeniýeti bilen tanyşdyrmak we diňleýjilerimizde okamaga bolan söýgini has-da artdyrmak bolup durýar.

  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
Jadyly ses

Jadyly ses - bu Gujurly Bilim merkeziniň diňleýjileriniň talantlaryny we aýdym-saz ukyplaryny ýüze çykarmak we sungata bolan söýgülerini artdyrmak üçin her tapgyr gurnalýan bäsleşikdir!

Eger siz hem biziň diňleýjimiz bolýan bolsaňyz, aýdym aýtmaga ukybyňyz bar bolsa we saz sungatynda özüňizi kämilleşdirmek isleýän bolsaňyz onda biz size garaşýarys!

  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
Talent Show

Dürli psihologlaryň tejribesine esaslanyp, döredijiligiň we sportyň çagalara diňe bir öz mümkinçiliklerini açmak we özlerini tapmak üçin kömek etýändigi subut edildi. Okuwçylarymyzyň zehinini ösdürmek we ýaşlara durmuş ýoluna ugrukdyrmak üçin “Talent Show” atly gyzykly programma taýýarladyk. 

Gujurly Bilim Merkezi bilim merkeziniň diwarlarynyň arasynda tomus möwsüminde her ýyl diňleýjileriň arasynda talant şow geçirilýär. Uly göwrümli ýaryşa taýýarlyk tomusky okuw möwsüminde geçirilýär we dabaranyň uly finaly tomsuň ahyrynda geçirilýär. Geçen ýyl 2022-nji ýylyň birinji tapgyrynda konkurs üçin 200 töweregi kandidat ýüz tutdy, şolaryň arasynda indiki tapgyra 50 dalaşgärler saýlandy. Soň bolsa 3 ýeňiji saýlanyldy. Bu çäre TMÝG we Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň goldawy bilen geçirildi.

Ýöne muňa garamazdan, gatnaşyjylaryň hemmesi begendiler, sebäbi ýüzlerçe deň-duşlarynyň we abraýly emin agzalarynyň öňünde uly sahnada çykyş etmek bilen, bahasyna ýetip bolmajak tejribe gazandylar. Şeýle hem, bu - üçin döredijilik agşamlary we döredijilikli adamlar toparyndakylar, dostlar we mugallymlar bilen uly konserta repetisiýalary boldy. Şeýlelik bilen, çagalara özlerini beýan etmek we zehinlerini we hakyky isleglerini açmak üçin ajaýyp pursat boldy we bu ýaryşyň netijesinde çagalara we ýaşlara zehinlerini görkezmäge we ösdürmäge we geljekki hünärmenleri kesgitlemäge kömek edip biljekdigimize tüýs ýürekden ynanýarys.

  • Sport
  • Sport
  • Sport
  • Sport
  • Sport
  • Sport
Sport

Çagalaryň ruhuny we bedenini terbiýelemekde sport örän möhüm ýer alýar. Şol sebäpli bilim merkezimizde köp sanly sport çäreleri we ýaryşlar geçirýäris: futbol, tennis we stol tennisi.

Sport çäreleri, türgenleşikler we ýaryşlar okuwyň we ýaşlaryň ösmegi üçin täsirli we özüne çekiji usuldyr. Topar oýunlaryna gatnaşyp, çaga okuwda we gündelik durmuşda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen birlikde saglyga we psihologiki ýagdaýa oňyn täsir edýär.

  • Chatterbox
  • Chatterbox
  • Chatterbox
Chatterbox

Iňlis dilini bilmek we beýleki dil höwesjeňleri bilen aragatnaşyk gurmak üçin gürleşmek klubyňyz “ChatterBox”-a hoş geldiňiz.

Biziň wezipämiz, iňlis dilini öwrenip, beýlekilerden tejribe alyp we dowamly baglanyşyk gurup boljak, goldaw beriji we özüne çekiji gurşaw döretmekdir. Söhbetdeşlere gürleşmek islänlerinde mikrofon berilýär.

Iň işjeň gatnaşyjyny ses bermek arkaly saýlanýar we günüň "chatterbox-y" hökmünde sylaglanýar. Gyzykly soraglar, gyzykly meseleler we çäreler gatnaşyjylary höweslendirýär. Ýeňijilere we 3 gezek gatnaşýanlara Chatterbox agzalygy barada şahadatnama berilýär. Jemgyýetimize goşulmaga we biziň bilen bu gyzykly dil öwreniş syýahatyna başlamaga çagyrýarys. Geliň, söhbet edeliň!

Mugallymlar
  • Aygul Ashyrova
    Aygul Ashyrova
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 5+ ýyl 

    Bilimi: Magistr derejesi

    Güýmenjeleri: özüňi kämilleşdirmek barada kitap okamak, syýahat etmek

  • Merdan Amanyazov
    Merdan Amanyazov
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 20+ ýyl 

    Bilimi: ýokary

    Güýmenjeleri: basketbol, tehnologiýa

  • Aynur Matjikova
    Aynur Matjikova
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 5+ ýyl

    Bilimi: ýokary. Magistr derejesi.

    Güýmenjeleri: Kitap okamak, surat çekmek we tans etmek

  • Rowshen Myratgulyyev
    Rowshen Myratgulyyev
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 10+ ýyl

    Bilimi: ýokary. Iňlis dili hünäri boýunça dilçi

    Güýmenjeleri: Kitap okamak, gitara çalmak

  • Maksat Ashyrov
    Maksat Ashyrov
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 15+ ýyl 

    Bilimi: ýokary. Dilçi

    Güýmenjeleri: futbol, kitap okamak, bilýard, bagbançylyk

  • Amanmyrat Atayev
    Amanmyrat Atayev
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 10+ ýyl 

    Bilimi: Magistr derejesi

    Güýmenjeleri: kitap okamak, futbol, kino görmek

Wideolar
Mugallymlar
GBM Talant ýaryşy
Hytaý Täze ýyly
Gujurly bilim merkezi
Gujurly bilim merkezini halaýaryn
Änew şahamçamyza hoş geldiňiz