"Ondan mundan" şowhunly gepleşik
"Ondan mundan" şowhunly gepleşik
27.06.2019 Habarlar

Gujurly Nesil okuw merkeziniň çaýhanasynda Agabaý bilen "Ondan mundan" gülkili gepleşigi geçirildi. Alyp baryjy Agabaý Showman, okuw merkezinde bilim alýan zehinli ýaşlary myhmançylyga çagyryp, olar bilen söhbetdeş boldy. Myhmanlaryň arasynda "Jadyly ses" bäsleşiginiň ýeňijileri Süleýman Adaýew, Mahym Bazarowa, Güljeren Mämmedowa, Oguljennet Bäşimowa gatnaşdy. 

Myhmanlar tomaşaçylardan gelen soraglary jogapladylar, sahnada aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Ýaşlaryň göwnünden turan bu gepleşik, ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçirildi.

Geljekki çäreler
Çäre tapylmady