Ýaz habarçylaryň ilkinji synanşygy
Ýaz habarçylaryň ilkinji synanşygy
26.06.2019 Habarlar

Gujurly Nesil okuw merkeziniň ýaş habarçylar gurnagy nobatdaky duşuşykda habar ýazmagyň amalyýetini geçirdiler. Ýazylan makalanyň temasy "Magtymguly Pyragynyň şygryýeti baradaky ýaşlar duşuşygy" boldy.

Türkmenistanda her ýyl 27-nji iýunda bellenilýän Magtymguly Pyragynyň şygryýeti hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň güni üns merkezinde tutulan bu amalyýet dersinde, ýetginjek žurnalistler ilki bilen ýazyljak tema barada pikir jemlediler. Yzýany bilen kompýuter laboratoriýasynda bir kompýuteriň başyna geçip, habary ýazdylar. Duşuşykdan suratly pursatlary hem almagy ýatdan çykarmadylar.

Bu ýazgyny GN Times içerki neşiriň Medium platformasyna ýerleşdirdiler.

Ýazgynyň salgysy: https://link.medium.com/7guEUJtESX

Metbugat gurnagynyň GN Times içerki neşriniň salgysy: https://medium.com/gn-times

Geljekki çäreler
Golden Bookmark
3 Awg
17:15
Çäreler