Çagalara bagyşlanan forum
Çagalara bagyşlanan forum
22.06.2019 Habarlar

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde BMG-nyň kabul eden Çagalary goramak baradaky konwesiýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Ýaşlaryň maslahat forumy geçirildi.

Forumyň geçirilýän giň zalynda Gujurly Nesil okuw merkeziniň sergisi guraldy. Forumyň arakesmelerinde gatnaşyjylar sergini aýlanyp gördi. Myhmanlar merkezimiziň hödürleýän okuw hyzmatlary, ýaşlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmeklerine gönükdirilen sport-medeni çäreleri, zehin-ukyplarynyň kämilleşmegi üçin hereket edýän gurnaklary barada maglumat aldylar.

"Matrix-5" matematika gurnagynyň ýolbaşçysy Uzukjemal Ataýewa öz gurnagynyň ýaş gatnaşyjylary bilen Mental Arifmetika boýunça görkezme çykyş etdiler. Bu çykyşda okuwçynyň köp sifrli sanlary çalt, takyk we aňsatlyk bilen hasaplaýyş ukybyny görkezdiler.

Foruma Türkmenistanda çagalar we ýaşlar bilen baglanşykly işleri alyp barýan döwlete degişli edaralaryň ýa-da raýat inisiýatiwalarynyň uly böleginiň wekilleri gatnaşdy. Şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, BMG-nyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Zenanlar birleşmesi, Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, partiýalaryň wekilleri, telekeçiler, döwlete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaş raýatlar we çagalaryň wekilleri gatnaşdy. 

Forum “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy: Durnukly ösüş maksatlarynda ýetmegiň ýolunda çagalaryň we ýaşlaryň goşandy” ady bilen geçirildi

Geljekki çäreler
Golden Bookmark
3 Awg
17:15
Çäreler