«Breeze» bilen bir minut pauza
«Breeze» bilen bir minut pauza
29.04.2020 · 1 minut okalýar

«Gujurly Nesil» okuw merkezinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçirilen iňlis dili hepdeliginiň dowamynda ýasalan diwarlyklardaky maglumatlar esasynda «bir minut pauza» oýny geçirildi. Diwarlyklarda iňlis dilinde gürleýän Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Täze Zelandiýanyň, Kanadanyň uly şäherleri, gözel ýerleri, döwlet nyşanlary, ýokary okuw mekdepleri baradaky maglumatlar ýerleşdirilipdi.

Oýnuň şerti boýunça oňa gatnaşyjylar arakesmelerde 1 minudyň dowamynda 3 sany soraga dogry jogap berip bilse ýeňiji bolýar we goýlan sowgatlardan birini saýlap almaga mümkinçilik gazanýar. Sorag soralýan wagty ýa-da gatnaşyjy soraga düşünmedik ýagdaýynda wagt saklanýar. Sowgat hökmünde «Golden bookmark» kitap bäsleşiginde okalmaly edilip bellenen «Alhimik», «Palkownige hat ýazýan ýok» ýaly kitaplar, «Gujurly Nesil» okuw merkeziniň logosy ýerleşdirilen ruçkalar, bokallar, depderler gowşuryldy.

Oýnyň geçiriljek ýeriniň bezeg işlerinde üns çekiji reňleriň saýlanmagy we şol bölegiň girelgede ýerleşdirilmegi okuw merkeziniň diňleýjilerini özüne çekdi. Döwlet Rejepow oýny gurady hem-de alyp bardy.

Meňzeş habarlar