8-nji mart mynasybetli «Breeze+»
8-nji mart mynasybetli «Breeze+»
10.03.2020 · 1 minut okalýar

    8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli «Gujurly Nesil» okuw merkezinde «Breeze+» atly iňlis dilinde aýdym-sazly gepleşik sapagy geçirildi. Bu gepleşik sapaklarynyň esasy aýratynlygy «Breeze» lakamy bilen tanalýan okuw merkeziniň iňlis dili mugallymy Döwlet Rejepowyň hem-de ýaş aýdymçylaryň sapagy janly aýdym-sazlar bezemegidir.

    Döwlet Rejepowyň bu gezekki myhmanlary «Gujurly Nesil» okuw merkeziniň diňleýjileriniň 3-sinden düzülen «Pulse» aýdym-saz topary hem-de Röwşen boldy. «Breeze» täze döredilen «Pulse» topary bilen tanyşdyrandan soňra toparyň ýerine ýetirmeginde «Shape of my heart» aýdymy ýaňlandy. Toparda Kerim el bilen kakylyp çalynýan – kahon  saz guralynda, Rahym bilen Anna bolsa gitara saz guralynda çykyş edýärler.

    Sapagyň dowamynda toparlaýyn hem-de ýekelikde oýnalýan oýunlara hem orun berilýär. Meselem, «Back to back» ýagny, «Arka-arka» oýny oňa gatnaşyjylaryň çalt pikirlenip, iňlis dilinde sözlem düzmek ukybyny artdyrýar. Bu oýunda 2 sany arka-arka oturan gatnaşyjylar gezekleşip, biri beýleki topardaşyna ekranda görünýän iňlis dilindäki ulanylýan sözleriň 6-syny 1 minudyň dowamynda düşündirmeli. Iň kän sözi düşündirip bilen topar ýeňiji bolýar we taýýarlanan sowgada mynasyp bolýar.

    Halkara zenanlar gününe gabatlanyp geçirilen «Breeze+» iňlis dili gepleşik sapagynyň dowamynda ýaňlanan aýdymlar oňa gatnaşmaga gelen merkeziň diňleýjileriniň ejelerine, uýalaryna hem ýakymly sowgat boldy.

Meňzeş habarlar