Täze tapgyryň başlanmagy mynasybetli konsert geçirildi
Täze tapgyryň başlanmagy mynasybetli konsert geçirildi
11.03.2020 · 1 minut okalýar

    10-njy martda «Gujurly Nesil» okuw merkezinde nobatdaky 23-nji tapgyryň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Mukamlar köşküniň Altyn asyr orkestriniň sazandasy Meýlis Hydyrowyň konserti geçirildi. Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymy – Meýlis konsertiň dowamynda özüniň täze işlän sazlary bilen okuw merkeziniň diňleýjileriniň hem-de TSTP-niň Aşgabat şäher guramasyndan gelen myhmanlaryň öňünde çykyş etdi. 

    Meýlis Hydyrowyň golaýda ýurdumyzyň ussat sazandalary bilen bilelikdäki «fewralyň joşguny» atly konserti hem köpadamly boldy. Ol maýylediji mukamlary bilen «Gujurly Nesil» okuw merkeziniň diňleýjileriniň hem göwnünden turmagy başarýar.

    «Gujurly Nesil» okuw merkezi şunuň ýaly aýdym-sazly şüweleňleri, baýramçylyk duşuşyklaryny, kitap ýaryşlaryny, futbol we tennis ýaryşlaryny, dil we tehnologiýa hepdeliklerini täze tapgyrda hem  yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýär.  

Meňzeş habarlar