Diňlemek
Diňlemek
01.03.2020 · 1 minut okalýar

    «Men ýene biraz pikirlenip göreýin soňra size jaň ederis» diýip, telefony goýupdy. Ýogsa bu eýýäm 3-nji gezek gürleşişimizdi. Ýaltanman şobir soraglara täzeden jogap hem beripdim. Jogaplarym onuň pikirindäkiler bilen gabat gelmändirmi ýa-da gürleşen wagtymyz kellesinde başga-da soraglar ýüze çykypdyrmy nämemi, bu mesele ýene çözülmän galdy. Aslynda mesele ýönekeýdi. Gürleýärkäm meni diňlemändi.

    «Diňle» sözi şübhesiz kiçiligimizden bäri iň köp eşidýän sözlerimiziň biridir. Käwagt oturyp «Biri-birimizi hakykatdanam hakyny berip diňleýärismi?» diýip pikirlenip görmegimiz gerek. Häzirki wagtda düşünişmezligimiziň arkasynda bir-biregi diňläp başarmaýanlygymyz ýatyr.

    Dr. Lyman K.Steile görä diňlemek – informasiýany eşitmek, soňra kellede teswirlemek we jogap bermek ýaly ädimlerden ybaratdyr. Biz bolsa soňky ädimi birinji ýerine ýetirip, doly diňlemän derrew jogap bermek isleýäris. Netijede, düýbi ýalňyş tutulan binanyň ilkinji howp-hatarda ýykylyşy ýaly, gepleşigimiz düşünişmezlik bilen tamamlanýar.

    Öz pikirimizi beýan edýärkäk näçe köp söz sözlesek garşymyzdaka şonça-da täsir ederis öýdüp pikir edýäris. Ýöne diňleýiji özümiz bolanymyzda uzyn sözlemlerden çalt ýadap, sözüni bölüp gürlemekçi bolýarys.

    Diňlemek prossesinde ýadymyzdan çykarýan bir zadymyz bar: söweşijilerimiz sözler bolsa-da diňlemek galamyzdyr. Şonuň üçin akylly serkerde mysaly galamyzy güýçlendirmek esasy maksadymyz bolmalydyr.

Meňzeş habarlar