Edebiýatyň eziz oglunyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli ýatlama konserti
Edebiýatyň eziz oglunyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli ýatlama konserti
01.03.2020 · 1 minut okalýar

Baharyň ilkinji gününde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Ýaşlar we Magtymguly adyndaky döwlet baýraklarynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 80 ýyllyk ýubileýi bellendi. «Gujurly Nesil» okuw merkezinde ýaş estrada aýdymçy, «Ýaňlan Diýarym-2018» telebäsleşiginiň ýeňijisi Myrat Orazdurdyýewiň çykyş etmeginde ýatlama konserti geçirildi.

    Gurbannazar Ezizow hakynda söz açylanda, sungat ussatlary Nury Halmämmedowdyr Atageldi Garýagdyýewiň ady hem hökmany suratda göz öňünde janlanýar. Çünki bular, aýdylyşy ýaly, «Üçler» adyny alan bir bitewülik. «Gujurly Nesil» okuw merkezinde geçirilen konsert hem, zehinli şahyryň «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok» diýip başlanýan goşgy setirlerine, Nury Halmämmedowyň sazyna, Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde döredilen aýdym bilen başlandy. Konsertiň dowamynda bolsa Türkmenistanyň halk artisti, Hormatly il ýaşulusy Atageldi Garýagdyýew diýlende köpleriň ilkibada ýadyna düşýän «Älemgoşar» aýdymyna, türkmen milli halk aýdymlaryna, köne türkmen kinofilmlerinden alnan aýdymlara orun berildi. 

    «Gujurly Nesil» okuw merkezinde myhmanlaryň, aýdymçylaryň, sazandarlaryň gatnaşmagynda şeýle konsertlerdir döredijilik duşuşyklary her tapgyrda yzygiderli geçirilýär.

Meňzeş habarlar