Iňlis dili hepdeligi tamamlandy
Iňlis dili hepdeligi tamamlandy
30.01.2020 · 1 minut okalýar

    20 – 25-nji ýanwar aralygynda “Gujurly Nesil” okuw merkezinde iňlis dili hepdeligi geçirildi. Hepdelik “Advanced” kursunda okaýan diňleýjiler üçin niýetlenen bäsleşikler bilen başlanyp, diňleýjileriň dowam edýän tapgyrda öwrenýän iňlis dili derejesine laýyklykda umumybilim soraglaryny bilmek, goşma sözleri ýasamak, çeper okaýyş, suratlandyrylýan zady tanamak, “Jeopardy”, “Scramble”, “Treasure hunt” ýaly oýunlar bilen dowam etdirildi.
    Hepdelik başlamazdan öň iňlis dili mugallymlary we diňleýjiler tarapyndan okuw merkeziniň girelgesi, synplary suratlardyr görkezme esbaplary bilen bezeldi, hepdäniň dowamynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasy asyldy. Girelgedäki basgançaklara iňlis dilinde ýazylyp ýelmenen “Öwrenmek üçin hiç wagt giç däl”, “Has kämil bolmaga ymtylmak üçin her gün bir mümkinçilikdir”, “Ähli zatlar arzuw bilen başlanýar”, “Käbir beýik işler ýerine ýetirilýänçä mümkin däl ýaly bolup görünýär”, “Taşlajak bolaňda näme üçin başlanyňy ýatla” ýaly sözler diňleýjileri ruhlandyrdy.
    Üýtgeşik atmosferany döretmek üçin bezeg işlerinde “Retro style”, ýagny 10-20 ýyl mundan ozal meşhur bolan stil ulanyldy. Arakesmelerde 90-njy, 80-nji ýyllarda döredilen aýdymlar ýaňlandy, şol döwürlerde ýaşap geçen meşhur adamlary tanamakda test soragnamalary geçirildi.
    Diňleýjileriň öwrenýän ugruna bolan gyzyklanmasyny goldamak we ösdürmekde ähmiýetlidigini göz öňünde tutup, “Gujurly Nesil” okuw merkezinde şeýle hepdelikler yzygiderli geçirilip durulýar. Geljek hepdelerde hem matematika, tehnologiýa we rus dili hepdeliklerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Meňzeş habarlar