«GN Arrows» GN futbol kubogynyň eýesi
«GN Arrows» GN futbol kubogynyň eýesi
25.04.2020 · 1 minut okalýar

Ýurdumyzda dowam edýän Saglyk aýy mynasybetli ýakynda «GN cup» mini futbol ýaryşynyň final tapgyry geçirildi. «GN cup»  her ýyl «Gujurly Nesil» okuw merkezinde hereket edýän «Sport we saglyk» gurnagy tarapyndan kiçi hem-de uly ýaşly toparlar üçin aýratynlykda geçirilýär.

Futbol ýaryşyna gatnaşmak üçin isleg bildirenlerden 71 topar hasaba alyndy. Aşgabat seýilgähiniň futbol meýdançasynda her hepdäniň ýekşenbe güni geçirilen oýunlar final duşuşygyna çenli «utulan çykdy» ýagdaýda dowam etdi. Çärýek finalda saýlanan toparlaryň 8-si, ýarym finalda bolsa 4-si özara bäsleşdi. Şeýlelikde, final tapgyrynda «Dortmund» hem-de «GN Arrows» toparlary duşuşdy. Final oýnuna Türkmenistanyň ýokary ligasynyň halkara derejeli emini Resul Mämmedow eminlik etdi. 

Eminleriň gelen netijesine görä, häzirki wagtda IELTS kursuna dowam edýän «GN Arrows» «Gujurly Nesil» okuw merkeziniň kubogyna mynasyp boldy. KIDs toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa «FIFA GN» topary ýeňiji boldy. Baýrak hökmünde toparyň düzümindäki oglanlar ýurdumyzyň iň gowy restoranlarynyň birinde agşamlyk edinmäge mümkinçilik gazandylar. 

«Sport we saglyk» gurnagyna okuw merkeziniň mugallymlary Maksat Aşyrow, Amanmyrat Ataýew, Röwşen Myratgulyýew, Begmyrat Gurbanow dagylar ýolbaşçylyk edýär. 

Meňzeş habarlar