“Gujurly Nesil” okuw merkeziniň müdiri bilen panel duşuşygy geçirildi
“Gujurly Nesil” okuw merkeziniň müdiri bilen panel duşuşygy geçirildi
18.02.2020 · 1 minut okalýar

    Fewral aýynyň 12-sine “Gujurly Nesil” okuw merkezinde “Geljekde bize haýsy kär garaşýar?” ady bilen “Gujurly Nesil” okuw merkeziniň müdiri Kakajan Agajykowyň alyp barmagynda panel duşuşygy geçirildi. Panel duşuşygyna bu okuw merkezinde bilim we başarnyklaryny artdyrýan 8 – 11-nji synp aralygyndaky okuwçylar, mugallymlar şeýle-de TSTP-nyň we TMÝG-nyň Aşgabat şäher guramalaryndan gelen myhmanlar gatnaşdylar.

    Duşuşygyň başynda Kakajan mugallym ýaşlardan haýsy käriň eýeleri bolmak isleýändiklerini sorap, bu arzuwlaryna ýetmek ugrunda häzirden nähili taýýarlyklar görýändikleri barada gyzyklandy. Şonda olaryň esasy bölegi lukman, mugallym, inžener, diplomat, dizaýner, telekeçi bolup zähmet çekmek isleýändiklerini aýtdylar. Öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin bolsa öz ugurlaryna degişli kitaplary okaýandyklaryny, täzelikleri yzarlaýandyklaryny gürrüň berdiler.

    Soraglaryna berlen jogaplardan soňra mugallym geljekki kärlerini saýlan ýaşlaryň entek bu barada bellibir karara gelip bilmediklere garanda birnäçe ädim öňdedigini ýatlatdy we ýumurtgadan çykýan jüýjäniň mysalynda ýumurtga daşky täsir bilen däl-de içinden döwülende hakyky ýaşaýşyň başlaýandygyny aýtdy.   Şol mysaldan netije çykaryp, okuwçylara diňe ene-atalaryndan ýa-da daş-töweregindäki adamlardan geljek kömege garaşman, özleriniň hem hereket edip, mümkinçilik bolsa saýlap alan kärleriniň özlerine näderejede laýyk geljekdigini synap görmek üçin ýokary okuw mekdebine girmezden öňürti iş tejribesini edinmekligiň dogry karara gelmekde kömeginiň degjekdigi nygtaldy.

    Duşuşygyň dowamynda iş durmuşynda üstünlige ýeten adamlaryň durmuş hekaýalary barada hem durlup geçildi we ýaşlara-da şolardan sapak edinip, öňlerinden çykjak kynçylyklara garamazdan, maksatlaryndan dänmezligiň üstünlige ýetmekdäki esasy şertleriň biridigi bellendi.

    Panel duşuşygynyň ahyrynda Kakajan Agajykow okuwçylary gyzyklandyrýan soraglara jogap berdi. Olaryň köpüsiniň gyzyklanmasy esasynda, özünde häzire çenli iň täsir galdyran kitabyň “Robinzon Kruzo” bolandygyny aýtdy hem-de üstünlige ýetmek isleýänleriň iňbolmanda 1 gezek bu kitaby okap görmeklerini maslahat berdi. 

Meňzeş habarlar