Gujurly Nesil okuw merkezinde kitap ýaryşlary  guraýjy mugallym Enejan Myradowa bilen söhbetdeşlik
Gujurly Nesil okuw merkezinde kitap ýaryşlary guraýjy mugallym Enejan Myradowa bilen söhbetdeşlik
11.04.2020 · 1 minut okalýar

1) «Golden bookmark» kitap ýaryşlaryny guramagyňyzyň esasy maksady näme?

Şeýle ýaryşlary guramagymyzyň esasy maksady, ýaşlarda kitaba, okamaga bolan söýgini döretmekden we ösdürmekden ybaratdyr.

2) Okuw merkezinde ilkinji kitap ýaryşy haçan geçirildi?

«Gujurly Nesil» okuw merkezinde ilkinji kitap ýaryşy 9-njy tapgyrda geçirildi. Häzir bolsa 15-nji gezek geçiriljek kitap ýaryşyna taýýarlyk görýäris.

3) Ýaryş üçin kitaplar nädip saýlanýar?

Kitaplary saýlamazdan ozal, GN-niň mugallymlarydyr diňleýijileriniň arasynda pikir soraşma geçirýäris. Soňra kitaplary ýaryşy guraýjy mugallymlar bolup okaýarys. Teklip edilýän kitaplar Ýer ýüzünde iň köp satylýan we maslahat berilýän kitaplardyr.

4) Diňleýjilere kitap ýaryşyna taýýarlanmaga näçe wagt berilýär?

Saýlanan kitaplary täze tapgyr başlanyndan, mümkin boldugyça çalt habar berýäris. Şeýlelikde, diňleýjileriň taýýarlanmaga 1,5 aýa golaý wagty bolýar.

5) Häzirki kitap ýaryşlaryň ilkibaşdaky geçirilip başlanan kitap ýaryşlardan tapawutly taraplary barmy?

Kitap ýaryşlary ilkibaşda diňe uly ýaşly diňleýjiler üçin geçirilýän bolsa häzirki wagtda KID’s ýagny, körpe ýaşlylar hem ulular bilen bir hatarda ýaryşmaga mümkinçilik gazandylar.

6) Yzygiderli 1-nji orna mynasyp bolan diňleýjileriň atlaryny agzap bilersiňizmi?

Hawa. Olardan: Güljemal Güýjowany, Akmyrat Atajaýewi we Ogulbibi Babaýewany agzamak bolar.

7) Kitap ýaryşlaryň işjeň hemaýatkärleri bardyr?

Ýeňiji bolan diňleýjilerimize Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher guramalary tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşurylýar.

Meňzeş habarlar