"KIDS” toparlarynyň hepdeligi geçirildi
"KIDS” toparlarynyň hepdeligi geçirildi
13.01.2020 · 1 minut okalýar

    6 – 11-nji ýanwar aralygynda “Gujurly Nesil” okuw merkezinde “KIDS” ýagny, 6 ýaşdan 11 ýaşa çenli bolan çagalar toparlarynyň hepdeligi geçirildi. Hepdäniň dowamynda rus dili, iňlis dili hem-de matematika bilen bagly dürli çäreler guraldy we gyzykly oýunlar oýnaldy. Şeýle-de hepdäniň dowamynda çagalar geljekde haýsy käriň eýesi bolmak isleýändikleri barada test soragnamasyny çözdüler.

    Hepdeligiň jemleýji güni has-da ýatdagalyjy boldy. Şenbe güni körpe diňleýjileriň ejeleri üçin “Wezipesi – eje” atly körpeleriň çykyş etmeginde aýdym-sazly konsert taýýarlandy. Soňra bolsa körpeler bilen ejeleri toparlara bölündiler we soralýan soraglar boýunça ejeler öz çagalarynyň gyzyklanmalaryny, nämeleri halap halamaýandygyny, nämelerden gorkýandygyny bilmekde bäsleşdiler. 

    Bäsleşigiň şerti boýunça haýsy topardaky  eje bilen çagasynyň kagyzda ýazan sözi deň gelse şol topara hem utuk berilýär. Şonda körpeleriň köpüsi ejelerini gynandyrmakdan gorkýandyklaryny ýazypdyrlar. Gowy görýän güýmenjesi soralanda köpüsi kitap okamak, oglanlardan käbiri futbol oýnamak diýip jogap berdiler. Köp bäşlik alan günlerinde has köp begenýändiklerini ýazsalar, “Iň halamaýan zadyňyz näme?” soragyna bolsa irden turmagy kyn görýändiklerini ýazypdyrlar.

    Konsertiň ahyrynda ýeňiji bolan toparlara TMÝG-nyň Aşgabat şäher guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.  

Meňzeş habarlar