KIDS hepdeligi geçirildi
KIDS hepdeligi geçirildi
20.04.2020 · 1 minut okalýar

13 – 18-nji aprel aralygynda «Gujurly Nesil» okuw merkezinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary bilen 10-12 ýaşly çagalaryň ýagny, KIDs toparlarynyň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň bezeg işleri 3 bölekden: asman giňişligi, ulanylan önümleri gaýtadan işlemek hem-de süýji bezeglerinden ybarat boldy. Kagyzdan ýasalan asman jisimleri, planetalar we olar baradaky gyzykly maglumatlar okuw merkeziniň girelgesini, korridoryny, synp otaglaryny bezedi.

Hepdeligiň dowamynda asman giňişligine degişli «iň gowy maket» ýasamak boýunça taslama bäsleşigi guraldy. Ulanylan kagyz, plastika we iýmit galyndylary üçin aýratynlykda okuw merkezinde 3 sany bedre goýuldy. KIDs toparlarynyň plastik galyndylaryndan öýde ýetişdirilýän güller üçin ýasan gaplary, kagyzdan galamdyr ruçka goýmak üçin ýasan gapjagazlary, haýwanjyklary, kitap goýulýan tekjejikleri, planetalary sergide goýlup, degişli orunlara mynasyp bolanlary sowgatlar bilen sylaglandyryldy.

Okuw merkezinde şeýle çäreleriň geçirilmegi ýaşlarda tebigaty gorap saklamaga söýgini döredýär. Daş-töweregi arassa saklap, galyndylary gaýtadan işlemäge bolan sowatlylygy ýokarlandyrýar.

Şeýle-de «Çarliniň şokolad kärhanasy» kitaby boýunça sorag-jogap alyşyldy. Sebäbi bu kitap «Golden bookmark» kitap okamak bäsleşiginde körpeler üçin saýlanan kitapdyr.

Meňzeş habarlar