«Jadyly ses» bäsleşiginiň final tapgyry geçirildi
«Jadyly ses» bäsleşiginiň final tapgyry geçirildi
28.03.2020 · 1 minut okalýar

    24—28-nji mart aralygynda «Gujurly Nesil» okuw merkezinde aýdym aýtmak boýunça «Jadyly ses» bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň şertleri boýunça oňa gatnaşmak isleýän diňleýjiler ilki öz aýdan aýdymlarynyň wideoýazgysyny iberdiler. Saýlama tapgyrda saýlanan diňleýjileriň 11-si 1-nji tapgyrda, olaryň arasynda tapawutlanmagy başaranlaryň 6-sy final tapgyrynda  çykyş etmäge hukuk gazandylar.
    Final tapgyrynda bäsleşenleriň her biri türkmen, rus we iňlis dillerinde 2 sany aýdym ýerine ýetirdiler. Olaryň arasynda çagalykdan sahna çykyp ýörenleri bilen birlikde «Jadyly ses» bäsleşiginde ilkinji gezek sahna çykyp görýänleride boldy.  
Şeýlelikde, emin-agzalaryň gelen netijesi boýunça, Leýli Baýramowa 1-nji, Bibi Hanowa 2-nji, Güljeren Mämmedowa 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijiler hormat hatlary hem-de «Gujurly Nesil» okuw merkezinde 100, 50, 30%-e çenli ýeňillik bilen okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik gazandylar. 
    Bäsleşigiň ahyrynda birnäçe ýyl bäri aýdym-saz bilen meşgullanyp ýören emin-agzalar topary çykyş edenlere özleriniň maslahatlaryny berdiler. Şonda öz halaýan aýdymyň däl-de, sesiňe gabat gelýän dogry aýdym saýlamagyň üstünlige ýetmekde esasy zatlaryň biridigi aýdyldy.

Meňzeş habarlar