Rus dili hepdeligi geçirildi
Rus dili hepdeligi geçirildi
28.02.2020 · 1 minut okalýar

    Geçen hepdäniň dowamynda “Gujurly Nesil” okuw merkezinde rus dili hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň dowamynda dünýä meşhur rus alymlaryny, ýazyjy-şahyrlaryny, sungat we medeniýet işgärlerini tanamak boýunça gyzykly ýaryşlar geçirildi, goşgular okaldy, aýdymlar aýdyldy. Şeýle-de bu hepdeligiň çäklerinde ilkinji gezek guralan «Что? Где? Когда?» oýny hem ýaşlaryň hem-de mugallymlaryň göwnünden turdy.

    Bu oýun ähli ugurlardan soraglary öz içine alýan zehin oýny bolup, ekranda çykýan soraga iň çalt jogap beren topar utuk gazanýar. Toparlaryň näçe utuk gazanjagy bolsa pyrlampajy pyrlamak arkaly belli edilýär.   
Ýaşlaryň arasynda hit bolan rus aýdymlaryndan taýýarlanan karaokelere okuw merkezinde bilimdir başarnyklaryny artdyrýan diňleýjileriň ählisi diýen ýaly höwes bilen gatnaşdy. Arakesmelerde deň-duşlary bilen bilelikde joşup aýdym aýtmak olary gün içindäki ýadawlykdan açýar.

    Rus dili hepdeligi “Gujurly Nesil” okuw merkezinde dowam edýän tapgyrda geçirilen hepdelikleriň jemleýjisi bolup, täze tapgyrda hem okuw merkezinde şeýle hepdelikleriň birnäçesi guralar.

Meňzeş habarlar