Uçuş  döwründe her birimizde ýüze çykyp biläýjek soraglara jogaplar
Uçuş döwründe her birimizde ýüze çykyp biläýjek soraglara jogaplar
08.01.2020 · 6 minut okalýar

    Uçarmanlar uçuş wagty özleri bilen bolup geçen wakalar esasynda käbir soraglara jogap berýärler.

    1) Uçarman uçary dolandyrýaka işi çyksa oturmaly ýerinden gozganyp bilermi?
    Uçuşyň dowamynda (gonuş we uçuşdan galan ýagdaýlarda) uçary dolandyrmak awtomatiki ýagdaýda alnyp barylýar. Şonuň üçin uçarmanyň işi çyksa ýerinden turup gidip biler. Ýöne howpsuzlyk üçin kabinada beýleki uçarmany ýeke galdyrmaly däldir. Muny göz öňünde tutup, ýolbeletleriň (stýuardessa) biriniň kabinada uçarmana ýoldaşlyk etmegi hökmandyr.

    2) Uçarda oturmaly ornuňy çalşyp bolýarmy?
    Hawa, eger-de hiç kime howp abanmaýan bolsa. Meselem, çepiksije gyz heläkçilik pursadynda çykylýan çykalganyň ýanyndaky penjirä golaý otursa onuň çykalgany açmaga güýji ýetmezligi mümkin.

    3) Näme üçin uçaryň hereketde wagty uçup barýan guş bilen garşylaşmagy howply?
    Sagatda 300 km tizlik bilen barýan uçaryň 3 kg-lyk guş bilen garşylaşandaky alýan urgusyny 100 kg-lyk ştanganyň 20 metr belentlikden aşak goýberilendäki urgy bilen deňeşdirip bolar. Uçaryň hereketlendirijisi äpet tozan sorujy ýaly garşysyna çykan ähli zady ýuwudýar. Uçar hereketdekä pete-pet gabat gelen guşy ýuwutsa uçaryň hereketlendirijisi hem hatardan çykýar.
    Şeýle çaknyşyklaryň 7000-den gowragy hasaba alnypdyr. Adatça, hereketlendirijileriň diňe 1-i zyýan görýär. Emma Airbus A 321 kysymly uçar bilen uçulanda olaň 2-sine hem zyýan ýetýär. Hatda bir gezek şeýle çaknyşykdan soňra Airbus A 321 mekge meýdanyna gonmaly bolupdyr.

    4) Näme üçin tirsek goýmak üçin niýetlenen ýer uçuş we gonuş amala aşyrylýan wagty aşak düşürilmeli?
    Uçuş we gonuş uçary dolandyrmagyň ýerine ýetirmesi iň kyn bolan bölegidir. Howpsuzlygy üpjün etmek şeýle pursatlarda has-da wajyp bolup durýar. Tirsek goýmak üçin niýetlenen ýeriň aşak düşürilmegi adatdan daşary ýagdaýlarda ýeriňi tizden-tiz terk edip bilmek üçin hiçhili päsgelçilik döretmeýär. Şeýle-de birden säginilen ýagdaýynda tirseklik açyk bolsa duýdansyz ýapylyp ýolagçyny ýaralap biler.

    5) Näme sebäpden pomidor şiresi uçuş wagtynda Ýerdäkiden has tagamly duýulýar?
    Uçulýarka uçaryň dowamly gürrüldisi sebäpli gulagymyz gysga wagtlyk eşidiş ukybyny ýitirýär. Pomidor şiresiniň düzüminde bolsa köp mukdarda glutamin kislotasy bar. 10 km belentlikde hem onuň tagamynda üýtgeýän zat ýok, emma beýleki içgiler bize pomidor şiresini içenimizdäki lezzeti bermeýär.
    Rus dilinde gürleýän halklar üçin şeýle bolsa-da, Ýewropada ýaşaýanlar üçin pomidor şiresi alma we apelsin şiresinden soňra 3-nji orunda durýar.

    6) Näme üçin öňler uçarmanlar ýüpek şarf (atynja) atynypdyrlar?
    Öňler uçarmanlar uçuş wagty garşysyndan gelýäni görmek üçin zol-zol kellesini eýlä-beýlä öwürmeli bolupdyr. Bu bolsa deriniň soýulmagyna, hatda ganamagyna getiripdir. Şonuň üçin boýny şarf bilen örtmek kararyna gelnipdir. Şarf güýçli şemala hem garşy durup bilmegi üçin ýumşak we ýeňiljek bolmalydy. Bu aýratynlyklar bolsa diňe ýüpek matasynda bardy. Onuň ak reňkde bolmagynyň sebäbi bolsa uçarmanlaryň ilkibaşda uçarda bar bolan paraşutlardan peýdalanmagy. Ýöne bular henizem çaklama bolmagynda galýar.

    7) Eger uçarman özünden gitse stýuardessa (ýolbelet) uçary dolandyryp bilermi? 
    Awiamekdeplerde ýolbeletlere uçary dolandyrmagy öwretmeýärler. Emma ol aşakdaky gözegçi bilen habarlaşyp bilse hem-de howa şertleri muňa hiçhili päsgel bermeýän bolsa (käte gapdallaýyn şemal öwsen mahaly hatda käbir uçarmanlaryň özüne hem gonuşy ýerine ýetirmek kyn bolýar). Gözegçi uçary aşaklatmak üçin ýerine ýetirmeli hereketleri takyk düşündirip bilse diňebir ýolbelet däl-de mundan başy çykyp biljek ýolagçy hem uçary gonduryp biler. Elbetde, taýynlyksyz biriniň  uçary gondurmasy örän howply.

    8) Näme üçin irdenki reýslerde uçmak amatly?
    Munuň 3 sebäbi bar: statistika boýunça irdenki reýsler öýlänkilere we agşamkylara garanda gijä galmazdan öz wagtynda uçýar. Bu uçuşlaryň esasy böleginiň öýlän uçýandygy üçin şeýledir. Sebäbi adam näçe köp boldugyça reýsiň gijä galmak ähtimallygy artýar. Agşam hem ýolagçylar az bolýar, emma gije uçmak beden üçin amatsyzdyr.

    9) Näme üçin uçarmanlaryň kabinasynda palta durýar?
    Uçarmanyň oturýan ýeriniň arkasynda üsti ýörite tok geçirmeýän mata bilen örtülen palta durýar. Ol adatdan daşary ýagdaýlarda gapyny çapyp çykmak üçin niýetlenen. Bellemeli zatlaryň biri, uçaryň daş ýüzünde çykgynsyz ýagdaýlarda palta bilen nirä urmalydygyny görkezýän bellik hem bardyr.

    10) Kislorod maskadaky kislorod näçe wagta ýetýär?
    Köp adamlar her ýolagçynyň oturýan ýeriniň arkasynda kislorod balony bardyr, heläkçilikli ýagdaý bolanda şondan göni maska kislorod gelýändir öýdüp pikir edýär. Ýöne bu beýle däl. Himiki garyndynyň ýanmagy esasynda kislorod bölünip çykýar, maska kislorod geler ýaly bolsa maskany eliň bilen çekip, herekete getirmeli. Adaty ýolagçy uçarlarynda kislorod gelmeginiň dowamlylygy 12-20 minuda deňdir. Bu wagt uçarmanlara uçary bolmaly ýagdaýyndaky beýiklige düşürmäge ýetýär.

    11) Näme üçin uçuş we gonuş wagtynda yşygy öçürýärler?
    Eger-de adatdan daşary ýagdaý ýüze çyksa gyssagly ýagdaýda ewakuasiýa etmeli bolar, çaltlyk bilen heläkçilik çukury açylar, ýagtydan göni garaňka çykan ýagdaýymyzda gözümiziň zatlary saýgarmazlygy mümkin. Bu bolsa uçardan düşülende kynçylyk döreder. Yşyk öçürilende bolsa biz eýýäm garaňkylyga öwrenişikli bolarys. Bu düzgün diňe uçuş we gonuş üçin degişlidir.

    12) Näme üçin uçarmanlara Gimalaý daglarynyň üstünden uçmak gadagan?
    Gimalaý daglarynyň ortaça beýikligi 6 km, uçarlaryň uçýan beýikligi bolsa 10 km. Adatdan daşary ýagdaý ýüze çykaýan ýagdaýynda uçarmanlar deňiz derejesinden 3 km-e çenli aşaklamaly bolarlar. Emma şol wagt uçar Gimalaý daglarynyň üstünde bolsa uçara aşaklamaga hiçhili mümkinçilik döremez. Howpsyzlygy üpjün etmek üçin Gimalaý daglarynyň üstünden uçmak gadagan edilýär.

    13) Näme üçin uçarmanlara Günden goraýan  goraýan äýnekleri dakynmak hem-de sakal ösdürmek bolmaýar?
    Uçarmanyň ekranda görkezilýän görkezmeleri görende hiç zat gözden sypmaz ýaly oňa uçuş wagtynda äýnek dakynmak bolmaýar. Sebäbi kabinada 1 ýa 2 däl-de 20-ä golaý ekran bar.
Bardy-geldi kislorod maskasyny dakmaly ýagdaý ýüze çyksa ýüzünde berk oturmazlyk ähtimallygyny aradan aýyrmak üçin bolsa uçarmana sakal ösdürmek bolmaýar.

    15) Uçar çaýkanma sebäpli Ýere gaçyp bilermi?
    Uçaryň gapdalyndan başga bir uçaryň geçmegi, howanyň dürli temraturalary, howanyň Ýere golaý deňagramda bolmadyk gyzgynlygy sebäpli çaýkanyp biler. Şonuň üçin haçan-da uçar silkeläp başlanda howpsuzlyk kemerini dakynmaly we howsala düşmeli däl, bu howpsuzdyr.

Meňzeş habarlar
Diňlemek
01.03.2020