TOEFL / SAT / IELTS

    TOEFL – doly görnüşde “Test Of English as a Foreign Language” bolup, “Daşary ýurt dili hökmünde iňlis dili synagy” diýmegi aňladýar. Häzirki wagtda internet üsti bilen geçirilýän TOEFL IBT synagy esasy synag görnüşinde bolmagynda galýar. 

    “Iňlis dili – TOEFL” kursunyň dowamynda diňleýjilere TOEFL testi barada gysgaça tanyşdyrylyşdan soňra synagda wagty tygşytly peýdalanmak, aljyramazlyk, synagy aňsat ýollar bilen çözmegiň usullary barada maslahatlar berler. Diňleýjiler ilki mini testleriň soňra edil hakyky synagdaky ýaly testleriň üsti bilen diňlemek, okap düşünmek, gepleşik we ýazmak ýaly dil başarnyklaryny ösdürip bilerler. Şeýle-de synagda gabat gelip biljek täze sözler we düzme ýazmagyň yzygiderliligi, pikirleriňi barada ýörite sapaklar geçirler. 

    SAT – Bu ýokary okuw mekdeplerine giriş synagynyň bir görnüşi bolup, dil öwrenijileriň ýokary bilim almag taýýynlyk derejesini ölçeýär.

    SAT synagynyň beýleki iňlis dilini biliş derejäňi barlaýan synaglardan tapawudy munda matematika bölüminiň hem bolmagydyr. Şonuň üçin SAT kursunyň dowamynda diňleýjileri iňlis dili bölümine hem-de matematika bölümine aýry-aýry mugallymlar taýýarlar. TOEFL testi barada gysgaça tanyşdyrylyşdan soňra synagda wagty tygşytly peýdalanmak, aljyramazlyk, synagy aňsat ýollar bilen çözmegiň usullary barada maslahatlar berler. Şeýle-de diňleýjiler hakyky synagdaky ýaly testleriň üsti bilen dil başarnyklaryny ösdürip bilerler.

    IELTS (International English Language Testing System) – bu, edil TOEFL ýaly, iňlis dilini biliş derejäňi ölçeýän halkara synagdyr. IELTS iki görnüşli synag hödürleýär: biri Akademiki, beýlekisi Umumy Barlag. Ýokary okuwa ýa-da işe girjek bolanyňyzda onuň esasan akademiki görnüşiniň netijeleri talap edilýär. IELTS diňlemek, okap düşünmek, gepleşik we ýazmak  ukyplaryňy barlaýan 4 bölümden ybaratdyr.  

    “Iňlis dili – IELTS” kursunyň dowamynda diňleýjilere IELTS testi barada gysgaça tanyşdyrylyşdan soňra synagda wagty tygşytly peýdalanmak, aljyramazlyk, synagy aňsat ýollar bilen çözmegiň usullary barada maslahatlar berler. Şeýle-de diňleýjiler hakyky synagdaky ýaly testleriň üsti bilen dil başarnyklaryny ösdürip bilerler.