Gujurly Bilim Merkezi | Biz barada
Gujurly Bilim Merkezi | Biz barada
20.04.2021 · 2 minut okalýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti uzak möhletleýin maksatnamalar esasynda ösdürilýär, milli bilim ulgamyny ösdürmegiň innowasion ugry saýlanyp alyndy. Ýaş nesle berilýän milli terbiýäniň hili gowulandyryldy. Şeýlelikde, ýaşlar dünýä ülňülerine laýyk bilim alýarlar. Gahryman Arkadagymyz nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet syýasatynyň islendik ugrunda ýaşlar baradaky aladany ünsden düşürmeýär.

Aşgabat şäherindäki “Gujurly Bilim Merkezi” hem ýaş raýatlaryň okuwdan boş wagtlary dil bilimlerini artdyrmak, özlerini kämilleşdirmek üçin gatnaýan söýgüli bilim ojagyna öwrüldi. Bu merkez 2014-nji ýylda döredildi. “Gujurly Bilim Merkezi” okuw merkezinde iňlis dili, rus dili, nemes dili, hytaý dili, ispan dili, fransuz dili, matematika, kompýuter okuw dersleri boýunça sapaklar guralýar. Diňleýjiler kiçi we uly ýaşly toparlara bölünýär. Bu ýere gatnaýanlaryň diňe dil ýa-da kompýuter tilsimatlaryny öwretmek göz öňüne tutulman, eýsem ýaşlaryň hemmetaraplaýyn umumy ösüşini gazanmak maksat edilýär. Diňleýjiler üçin öwrediji kurslardan başga-da dürli temada terbiýeçilik ähmiýetli çäreler geçirilýär. Çagalaryň arasynda döredijilik agşamlarydyr duşuşyklar, şygyr we hekaýa düzmek hem okamak bäsleşikleri guralýar. 

Her möwsümde Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasy bilen bilelikde “Golden book mark” kitap okamak bäsleşigi bu ýere gatnaýan okuwçylarda kitaba söýgüni terbiýeleýär. Türkmenistanda tanalýan sungat işgärleri bilen bilelikde “Jadyly ses” atly aýdym aýtmak ýaryşy hem heniz hiç ýerde çykyş edip görmedik ýiti zehinli ýaşlaryň ukybyny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik bolýar. Türkmenistanyň Senagatçylar  we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen işjeň aragatnaşyk saklaýan  “Gujurly Bilim Merkezi” paýtagtymyzda ýerleşýän hususy kärhanalara syýahatlary, öwrenijilik ähmiýetli gezelençler yzygiderli guralýar. Türkmenistanda hereket edýän sport federasiýalary, şeýle-de  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde her möwsümde futbol, woleýbol, stol tennisi we milli oýunlar boýunça okuwçylaryň arasynda dürli ýaryşlar, çäreler guralýar.

“Gujurly Bilim Merkezi” okuw merkezinde daşary ýurt dillerini öwretmekde Angliýanyň Oksword, Kembrij uniwersitetleriniň, Beýik Britaniýanyň Pearson bilim merkeziniň okuw maksatnamalaryny ulanmak boýunça işler alnyp barylýar, okadyş usullary boýunça tejribe alyşmak maksady bilen degişli mugallymlar seminarlara gatnaşýarlar, webinar usulda (online konferensiýa) duşuşyklar guralýar.

Kompýuter we dil öwrediş kurslary boýunça ýokary derejeli hyzmatlary teklip edýän “Gujurly Bilim Merkezi” okuw merkezinde Türkmenistanda ilkinji bolup “Programmirleme dili” boýunça kompýuter kursy döredildi. Häzirki sanly ulgamyň ähli pudaklarda ornaşdyrylýan döwründe bilim merkezinde döredilen täze kursda kompýuter programmalaryny, resmi saýt, platforma döretmek, kiberhowpsuzlyk düzgünleriniň inçe syrlary öwrenilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, “Gujurly Bilim Merkezi” okuw merkeziniň kitap dükanynda hem dürli dilde neşir edilen dünýäniň iň gowy kitaplaryny tapmak bolýar.

Meňzeş habarlar
Çäreler